Сообщения

Ýumurtga agyndan maska solgun ýüzler üçin

Изображение
 Ýumurtganyň agynyň täsiri bilen ilkinji ulanylanda-da göze görnüp duran üýtgeşmeleri görersiňiz. Gerekli önümler: • 1 ýumurtgañ agy • Ýarym nahar çemçesi gatyk Taýýarlanylyşy: Gapda ýumurtganyñ agy we gatygy garmaly.  Bu garyndyny ýüzüñize çalyň we 20 minut goýuň.  Soñra ýüzüňizi sowuk suw bilen ýuwuň.

Ýüz arassalaýjy ýer tudanadan maska

Изображение
 Solgun ýüzüñizi janlandyrmak  üçin iň gowy görülýän maska. Gerekli önümler: • 2 sany ýer tudana • 1 çaý çemçesi limonyñ suwy Taýýarlanylyşy: Yer tudanany eziň we limon suwy bilen garmaly.  Deriňize ulananyňyzdan 10 minut soň suw bilen ýuwuň.

Ýüz agardyjy hyýar bilen limon maskasy

Изображение
Derini agardyjy maskalar;  Köplenç has owadan görünmek, soluk ýüzleri janlandyrmak, deriniň tegmillerini,   düwürtikden soňky yzlary aýyrmak üçin peýdalydyr. Gerekli önümler: •Ýarym hyýar • 1-2 çaý çemçesi limonuň suwy Taýýarlanylyşy: Hyýary gyrgyçdan geçirip limon suwuny goşup garmaly.  Ýüzüňize taýýar bolan ýapgyňyzy çalyň, 15 minut garaşanyňyzdan soň, suw bilen ýuwuň.

Apelsin gabygyndan ýüz maskasy

Изображение
 Apelsin gabykdaky antioksidantlaryň ýokary derejesi bolmagy deriniñ ýaş görünmegine we giç garramagyna täsir berýär.  Mundan başga-da, apelsin gabygyndaky limon kislotasynyň kömegi bilen deriňizdäki öli öýjükler çykarylýar.  Apelsin gabyk maskasy deriňizdäki düwürtiklere garşy göreşýär, dykylan gözenekleri açýar. Gerekli önümler:   3 apelsin • 2 çaý çemçesi gatyk • 1 çaý çemçesi bal Taýýarlanylyşy: Apelsin gabygyny ownuk böleklere bölüň we guratmak üçin 2-3 gün güneş düşmeýän ýerik goýuň. Apelsin gabyklar guradylandan soň, un ýaly bolýança, blenderiň kömegi bilen üwäň.  2 çaý çemçesi gatyk we 1 çaý çemçesi bal goşup, 2 çaý çemçesi apelsin gabygynyň uny bilen garmaly.

Ýüzüň tüýüni aýyrmak üçin şeker maskasy

Изображение
 Gerekli önümler: 1 çaý çemçesi şeker 1 çaý çemçesi mekgejöwen uny 1 sany ýumurtgañ agy Taýýarlanylyşy: Ýokardaky aýdylanlary yzygiderlilikde bir gaba garmaly.  Garyndyny ýüzüň tüýli böleklerine çalyň. Ýüzüňizdäki ýapgynyň guramagyna garaşyň.  Guran maskadan usullyk bilen çekip, ýüzüňizi arassalaň. Hepdede 3 gezek çalsaňyz ýüzüňizdäki tüýleriň aýrylýandygyny görersiňiz.

Ýüzi agardyjy bürünçden ýapgy

Изображение
 Gerekli önümler: Ýüz sabyny 1çemçe bürünç uny Taýýarlanylyşy: Bürünji soky daşda döwüp un halyna getiriň. Ýüzüňizi gowy köpurjikledip sabynlaň. Başam barmagyňyz bilen bürünç ununa batyryp, aşakdan ýokarlygyna owkalap çalyň. Ýüzüň guramagyna 15 minut garaşyň. Bu ýapgy düwürtik yzlarynyň aýrylamgyna, agarmagyna ýardam berýär.

Ýüzi agartmak üçin ýapgy

Изображение
 1 sany ýumurtgaň agyny alyň. Rulon ak kagyz salfetkasyny ýumurtgaň agyna batyryp, arassa ýüzüňize ýapyp 15 minut saklaň. Bu maska ýüzüňiziň agarmagyna, yz aýyrmagyna, ýüz ýygyrtlarynyň ýazylmagyna ýardam berýär. Hepdede 1 gezek etmek maslahat berilýär.