Apelsin gabygyndan ýüz maskasy
Apelsin gabykdaky antioksidantlaryň ýokary derejesi bolmagy deriniñ ýaş görünmegine we giç garramagyna täsir berýär. Mundan başga-da, apelsin gabygyndaky limon kislotasynyň kömegi bilen deriňizdäki öli öýjükler çykarylýar. Apelsin gabyk maskasy deriňizdäki düwürtiklere garşy göreşýär, dykylan gözenekleri açýar.
Gerekli önümler:
3 apelsin
• 2 çaý çemçesi gatyk
• 1 çaý çemçesi bal
Taýýarlanylyşy:
Apelsin gabygyny ownuk böleklere bölüň we guratmak üçin 2-3 gün güneş düşmeýän ýerik goýuň. Apelsin gabyklar guradylandan soň, un ýaly bolýança, blenderiň kömegi bilen üwäň. 2 çaý çemçesi gatyk we 1 çaý çemçesi bal goşup, 2 çaý çemçesi apelsin gabygynyň uny bilen garmaly.
Комментарии
Отправить комментарий