Aşgazan agyrylaryna peýdaly 5 iýmit


Aşgazan agyrylaryna: sowuklamagy, zäherlenmegi, aşa köp we zyýanly agyr iýmit sarp edilmegi ýaly sebäpler uly täsir edýär. Aşgazan agyrysyndan nädip dynmaly diýen soraglara lukmanyň maslahatyndan başga-da, iýjek dürli iýmitleriňiz bilen aşgazanyňyzyň agyrysyny aýyryp bilersiňiz. 

.Banan
Dürli iýmitleriň aşgazan agyrylary üçin peýdalydygy asyrlar boýy mälimdir.  Banan bu iýmitleriň biridir. Düzümindäki pektin  tebigy komponentiň kömegi bilen, sarygaýnama, aşgazan agyrysyny ýeňletmekde möhüm rol oýnaýar.
.Zygyr tohumy (семена льна)
Süýüm we omega 3 ýag kislotalarynyň örän baý çeşmesi bolan zygyr, aşgazan agyrysyny nädip aýyrmaly. Gündelik gatyk bilen garylan zygyr tohumyny yzygiderli iýmek bilen bejerip bilersiňiz.
.Zenjebil (имбир)
Köplenç aşgazan kislotasy bilen kynçylyk çekýän adamlar üçin zenjebiliň sarp edilmegi möhümdir.  Kislota sebäpli dörän ýürek bulanma meselesini köşeşdirmek üçin zenjebiliň köküni gaýnadyp, yzygiderli içmeň aşgazan agyrysyny köşeşdirer.
.Gatyk we kefir
Kalsiý, D witamini we probiotikleri öz içine alýan gatyk we kefir, bejeriş çeşmesi diýen ýalydyr. Gatykdaky probiýotikler içgeçme,  aşgazanyň agyrysyna, dowamly çişmegi ýaly meselelere bejeriş işini çaltlaşdyrýar.  Öýde aňsatlyk bilen taýýarlap boljak bu iki iýmit bilen saglygyňy aňsatlyk bilen dikeldip bilersiňiz.
.Kelem
Bug bilen taýýarlanan kelem, aşgazandaky kislotalaryň aşgazan dokumasyna zeper ýetmeginiň öňüni alýar.  Öňdebaryjy aşgazan näsazlygy bolan ýaralar ýaly keselleri bejermek üçin maslahat berilýän bu ýokumly, aşgazan agyrylarynyň öňüni alyp biler.

Комментарии