Häzirki wagtda iň sagdyn iýmitler
1Pamidor:
Ýokary antioksidant häsiýetleri bilen öýjüklerdäki DNK-ny goraýar we kanserogen maddalara garşy durýan fermentleri güýçlendirýär.
2 Hoz: Ýarym käse
Her 28 gramda 4 gram belok bar. Ýürek, gan basyş, beýin işjeňligine saglygymyza peýdaly.
3 Kömelek: Çig kömelek
Nahar bişirmän we gaýnadman çig iýilmeli iýmit. Düwnük keseline garşy göreşde täsirli antioksidant bolan kömelekde bedene toksinlerden tebigy çykmaga kömek edýän riboflawin witamini bar. Wegetarianlar üçin D witaminiň aýrylmaz çeşmesidir.
4 Badam: 5 sany
Antioksidantlar we E witamina baý, immunitediňi güýçlendirýär.
5 Banan - Ýüregi goraýjy kaliýiň özboluşly çeşmesidir.
6 Baklajan: bişirilen görnüşi ýürek damar kesellerinden iň goragly iýmitleriň biridir.
Gatyk: 200 gr
Gatyk kalsiý, kaliý, belok bilen özboluşlydyr. Ondaky beloklar içegäni kadalaşdyrýan we immunitedi,peýdaly bakteriýalari güýçlendirýär. A, D, E we K witaminlerini öz içine alýar.
7Malina: Bir gaby sagdyn ýürek saglygyňyza peýdaly, semizlige garşy täsir edýär. Gan azlyga 1gaba malina bilen ary bal goşup irden - agşam iýmek maslahat berilýär.
8Awakado: Takmynan 20 dürli witamin we mineral bar, bu witaminleriň köpüsi beden tarapyndan çalt siňdirilýär, ýürek keseline peýdaly iýmit.
9 Nar: Bir käse
Ony C witamini we kaliý taýdan başga miweler bilen deňeşdirip bolmaýar, beýleki miwelerden has az kaloriýa bolýar. Her gün nar iýmek, gan azlyga peýdaly çeşme.
10 Ýaşyl merjimek: Bir käse ýaşyl merjimegiň düzüminde 18 gram belok, 16 gram süýüm, 1 gramdan az ýag bar. Şonuň üçin ol her dürli berhizlere degişli. Onda ysmanakdan 30 göterim ýokary fol turşusy, sink we B witaminlerine baýdyr. Hepdede 3 gün iýmek ýürek kesellerinden goraýar, gan şekerini kadalaşdyrýar. Içindäki demiriň kömegi bilen metabolizmi goldaýar.
11 Sogan: Bişen sogan
C, B6, marganes, kaliý we peýdaly süýümler taýdan örän ýokumlydyr. Allergiýa alamatlaryny azaltmakda, çişmä garşy göreşmekde we ýürek saglygyny goldamakda özboluşly çeşmedir.
Комментарии
Отправить комментарий