Kirpikleriňizi uzaltmak üçin badam ýagynyñ peýdalary


 Badam ýagy badamdan alnan tebigy ýagdyr.  Badam ýagy ýag kislotalaryna örän baý we şonuň üçin kirpikleri rahatlandyryjy hökmünde hereket edýär we döwülmeginiň öňüni alýar.  Mundan başga-da, rahatlandyrylan  kirpikler adaty ýagdaýdan has çalt ösýär we ajaýyp görnüşe eýe bolýar.


Ulanylyşy:

Gije ýatmazdan ozal kirpiklere badam ýagyny çalmaly, 1-2 damja ýeterlik bolar.  Badam ýagyny gözüňize degirmän usullyk bilen barmaklaryňyzyň ýa-da pagta çeňňegiňiziň kömegi bilen kirpikleriňize sürtüň.  Takmynan 4-6 hepdäniň içinde üýtgeşmäni görersiňiz.

Комментарии