Sagdyn ýaşaýyş üçin 10 sany düzgün


 1-Iýmitlenmek saglyk üçin iň möhüm meseledir.  Her gün irden ertirlik ediniň.  Agşam, ýatmazdan 3-4 sagat öň iýmezlige çalşyň.  Günde 3 wagtyna nahar iýmegi unutmaň. Iýmitiňizde duz, şeker boldugyça azaldyň.

2-Suw içiň: Bedeniňiziň içki we daşky gözelligi üçin köpräk suw içiň. Azyndan her gün 1,5-3 litr suw unutmaň.
3- Zyýanly endiklerden daşda duruň: çilim alkol önümler we ş.m.
4- Sport bilen meşgullanyň. Her gün 15 minut sporta  sarp ediň, uly netije görersiň.  Gündelik intensiwligiňize baglylykda: çalt ýöremek, ylgamak we maşk hereketlerini ediň.
5- Gowy pikirler biziň ýaşaýyşymyzyň bir bölegidir. Durmuşyň gowy taraplaryna serediň: negatiw pikirler, stresler ýaly faktorlar köp kesellere ýol açýar.

6- Beýniňizi dynç beriň: ýatkeşligiňizi gowulaşdyrmak üçin: meseleleri çözüň, kitap okaň.
7- Günden daşda durmaň: D witaminiň çeşmesi bolan gün beden üçin peýdalydyr. Gün energiýasyny almazyndan öňürti goraýjy kremlary ulanyň.
8- Arassa boluň: her gün suwa düşüň, saçyňyzy ýygy ýuwmaň. Azyndan iki gezek günde dişleriňizi ýuwuň.
9- ýakynlaryňyza wagt aýyryň: Maşgalaňyz bilen syýahat ediň, söhbetdeş boluň,  söýgüňizi aýdyň, seni bagtly bolmaga kömek eder.
10- Ukyňyza üns beriň: Günde 8 sagatdan az ýa-da köp ýatmaň, gijeki ukyňyzy wagtynda alyň.

Комментарии