Zenanlaryň aýbaşy barada maslahatlar


 Her enä öz gyzynyň ilkinji geçirijek  aýbaşy  pursaty barada  maslahat. Ilkinji aýbaşy her bir zenanyň bilmegi  möhümdir. Enelerimiziň gyzyna aýbaş döwri gorkmaly zat däldigini, bu tebigy bir prosesdigini we ýetginjek döwrüniň ilkinji ädimdigini düşündirmeli.  Munuň üçin öz aýbaşy ýatlamalaryňyzy süýji dilde düşindiriň. Aýbaşy döwründe iň esasy zat gyzynyň rahat duýmagydyr. Her zenanyň aýbaşy  döwri barada aýdanymyzda: rahatsyzlyk, agyrylar, çişmeler olary çileden çykarýan dürli günlerimiz bar. Şol sebäpli olar dynç almaklary, özlerini diňlemekleri we rahatlamagy üçin şu aşakdakylary etmek maslahat berilýär.


1- Ýyly duş  almak rahatlaýar. Ýylylyk  möhümdir.


2-Sport bilen meşgullanýan zenanlaryň aýbaşy agyrysyz geçirýändigini bilýärdiňizmi? Gündelik pyýada ýöremek, welosiped sürmek, suwda ýüzmek. saýlamak size bagly. Ýeňil sport we maşklar, köp hereketlilik endorfinleriň bölünip çykmagyny ýokarlandyrýar.  Bu size bagt.


3- Bu usul mamamdan miras galypdyr, ýöne dermanlardan has gowudyr. Bil ýüň guşagy, çopantelpek, narpyz, mekgegulpak gyzgyn çaýlary, petruşka, darçyn (корица) gaýnan suwy agyrlarymyzy köşeşdirýär.


4- Kofeinli we gazly içgilerden uzak durmaly.  Ukusyz geçirmäň, yzygiderli uky agyrylaňyzy azaldar.


5- Ýyly düşekde ýatyň, uludan dem alyň we bedeniňizi rahatlandyryň.  Aýaklaňyzy uzaldyp, giňäp ýatyň, ýygrylmaň! Şu aralykda haýal we uludan dem alyň. Ýatan wagtyňyz turmaň, uklamaga synanyşyň.  Bilýärsiň, hemmesi birnäçe günden geçer.


6- Her gün ülje, banan, mandarin iýmek sizi ep-esli derejede ýeňilleşdirer.


7- Deriňiz ýagly bolsa, ýüzüňizi antiseptik erginler bilen arassalap duruň. Şeýlelik bilen, düwürtikleriň döremeginiň öňüni alarsyňyz.


8- Garyn we garsygyňy ýyly saklamak üçin gyzgyn suw haltasyny ýa-da gyzdyrylan polotensany ulansaňyz agyryňyzy köşeşdirer. Dünýa zenanlary 'Bilim gelýä' diýen  sözüň deregine nämeler diýä. Geliň onda Türkmenlerden başlalyň. Türkmenistan: Gyzylgül daýzam geldi Türkiýa: watanym gan aglaýar Hytaý: kiçijek gyz jigim geldi Iňlisler: boýagçylar öýmüzde Ispaniýa: pomidor ýere düşdi Fransiýa: iňlisler geldi Awstraliýa: şeýtanyň çilesi

Комментарии