Сообщения

Сообщения за апрель, 2024

Ýumurtga agyndan maska solgun ýüzler üçin

Изображение
 Ýumurtganyň agynyň täsiri bilen ilkinji ulanylanda-da göze görnüp duran üýtgeşmeleri görersiňiz. Gerekli önümler: • 1 ýumurtgañ agy • Ýarym nahar çemçesi gatyk Taýýarlanylyşy: Gapda ýumurtganyñ agy we gatygy garmaly.  Bu garyndyny ýüzüñize çalyň we 20 minut goýuň.  Soñra ýüzüňizi sowuk suw bilen ýuwuň.

Ýüz arassalaýjy ýer tudanadan maska

Изображение
 Solgun ýüzüñizi janlandyrmak  üçin iň gowy görülýän maska. Gerekli önümler: • 2 sany ýer tudana • 1 çaý çemçesi limonyñ suwy Taýýarlanylyşy: Yer tudanany eziň we limon suwy bilen garmaly.  Deriňize ulananyňyzdan 10 minut soň suw bilen ýuwuň.

Ýüz agardyjy hyýar bilen limon maskasy

Изображение
Derini agardyjy maskalar;  Köplenç has owadan görünmek, soluk ýüzleri janlandyrmak, deriniň tegmillerini,   düwürtikden soňky yzlary aýyrmak üçin peýdalydyr. Gerekli önümler: •Ýarym hyýar • 1-2 çaý çemçesi limonuň suwy Taýýarlanylyşy: Hyýary gyrgyçdan geçirip limon suwuny goşup garmaly.  Ýüzüňize taýýar bolan ýapgyňyzy çalyň, 15 minut garaşanyňyzdan soň, suw bilen ýuwuň.

Apelsin gabygyndan ýüz maskasy

Изображение
 Apelsin gabykdaky antioksidantlaryň ýokary derejesi bolmagy deriniñ ýaş görünmegine we giç garramagyna täsir berýär.  Mundan başga-da, apelsin gabygyndaky limon kislotasynyň kömegi bilen deriňizdäki öli öýjükler çykarylýar.  Apelsin gabyk maskasy deriňizdäki düwürtiklere garşy göreşýär, dykylan gözenekleri açýar. Gerekli önümler:   3 apelsin • 2 çaý çemçesi gatyk • 1 çaý çemçesi bal Taýýarlanylyşy: Apelsin gabygyny ownuk böleklere bölüň we guratmak üçin 2-3 gün güneş düşmeýän ýerik goýuň. Apelsin gabyklar guradylandan soň, un ýaly bolýança, blenderiň kömegi bilen üwäň.  2 çaý çemçesi gatyk we 1 çaý çemçesi bal goşup, 2 çaý çemçesi apelsin gabygynyň uny bilen garmaly.

Ýüzüň tüýüni aýyrmak üçin şeker maskasy

Изображение
 Gerekli önümler: 1 çaý çemçesi şeker 1 çaý çemçesi mekgejöwen uny 1 sany ýumurtgañ agy Taýýarlanylyşy: Ýokardaky aýdylanlary yzygiderlilikde bir gaba garmaly.  Garyndyny ýüzüň tüýli böleklerine çalyň. Ýüzüňizdäki ýapgynyň guramagyna garaşyň.  Guran maskadan usullyk bilen çekip, ýüzüňizi arassalaň. Hepdede 3 gezek çalsaňyz ýüzüňizdäki tüýleriň aýrylýandygyny görersiňiz.

Ýüzi agardyjy bürünçden ýapgy

Изображение
 Gerekli önümler: Ýüz sabyny 1çemçe bürünç uny Taýýarlanylyşy: Bürünji soky daşda döwüp un halyna getiriň. Ýüzüňizi gowy köpurjikledip sabynlaň. Başam barmagyňyz bilen bürünç ununa batyryp, aşakdan ýokarlygyna owkalap çalyň. Ýüzüň guramagyna 15 minut garaşyň. Bu ýapgy düwürtik yzlarynyň aýrylamgyna, agarmagyna ýardam berýär.

Ýüzi agartmak üçin ýapgy

Изображение
 1 sany ýumurtgaň agyny alyň. Rulon ak kagyz salfetkasyny ýumurtgaň agyna batyryp, arassa ýüzüňize ýapyp 15 minut saklaň. Bu maska ýüzüňiziň agarmagyna, yz aýyrmagyna, ýüz ýygyrtlarynyň ýazylmagyna ýardam berýär. Hepdede 1 gezek etmek maslahat berilýär.

Diş agyrysyna üçin

Изображение
  Wanilin. Pagta çöpini waniline batyryp, dişiňiziň agyrýan ýerlerine çalyň. Sogan. Diş agyrýan ýerine bir bölek sogan goýuň. Soňundan duzly suw bilen çaýkaň. Soganyň ysy agzyňyzda galmaz ýaly.
Изображение
 Pagta çöpüne 3 damja nar sirkesini damdyryň. Soňra ýaralaryň(paklowuk) sürtüň. Gün içinde 3-4 gezek edin. Aýrylmagyna ýardam berer.

Agyz uçugyny aýyrmak üçin

Изображение
 1 sany almany gyrgyçdan geçirip, 2 bulgur suw guýup 5 minut gaýnadyň. Sowan suwyny pagta batyryp uçugyň bar ýerine çalyň. Gün içinde islegiňize görä çalyp bilersiňiz.

Dodak ýarylmasy üçin

Изображение
 1 sany käşir gyrgyjyň uşak gözünden geçirip, bal goşup dodaklaňyza çalyň 25 minut saklaň. Öýüňizde aňsatlyk bilen taýýarlanyljak bu ýapgyny hepdede 1 gezek etseňiz yeterli bolar.

Dodaklaňyzyň ýalpyldamasy üçin

Изображение
  Ģerekli önümler: 1 bölek bal mumy 4 çemçe bal 1 kiçi çemçe badam ýagy Taýýarlanylyşy: Bal mumyň üstüne badam ýagyny goşup bugda erediň. Erän mumyň üstüne 4 çemçe baly goşup garyşdyryň. Sowadanyňyzdan soň barmaklaryňyzyň ujy bilen siňdirip çalyň. Bu ýapgy sowuk howalarda dodaklaryňyzyň guramagyna ýarylamagyndan goraýar, owadan görünmegine ýardam berýär.

Dişli gan akma - Kekik(тимьян) bejergisi

Изображение
 Taýýarlanylyşy: 1kiçi çemçe kekiki 1 stakan suwa 2 minut gaýnadyñ,5 minut demine goýuň we süzüp alyň. Süzilip alnan suwy baňka guýuň irden agşam dişleriňizi ýuwyň.

Dişleriň etini berkitmegiň usullary:

Изображение
  1 çemçe zeýtun ýagyna dişleňizi çaýkasaňyz diş etiniň ganamasyny aýyrýar we düýbüni berkitýär. 1stakan suwa 2 çemçe çopantelpek goşup 15 minut gaýnadyň, süzülip alnan suwyna 1kiçi çemçe duz bilen hamyr sodasyny goşup, 5 damja ýod damdyryp garyşdyryň, dişleriňizi çaýkaň. Bu garyndy dişleriňizi çüýremeginiň öňüni alýar we düýbüni berkitýär. Hepdede 1 gezek etmek maslahat berilýär.

Ýarylan we gury eller üçin wazilin kremi

Изображение
 Wazelin gury we ýarylan eller üçin iň köp ulanylýan usuldyr.  Elleriňizi rahatlar. Ulanylyşy gaty ýönekeý bolan:  “Wazelin” esasanam ýatmazdan ozal eliňize sürtmek we ýüň ellik geýmek we gijäni şeýle geçirmek maslahat berilýär. Irden elleriňizi ýyly suw bilen gowy ýuwyň. Bu ýapgyny hepdäniň her güni edip,   gysga wagtyň içinde elleriňiziň nä derejede ýumşandygyny görersiňiz.

Ýaryk we gury eller üçin baldan ýapgy

Изображение
Gerekli önümler:   2 nahar çemçesi bal   1 nahar çemçesi zeýtun ýagy   1 ýumurtganyň sarysy Taýýarlanylyşy: Bu garyndy eliňizdäki ýaralary çalt bejermäge mümkinçilik berer. Ýokardaky aýdylanlary bir gaba garmaly we owkalap  elleriñize çalyň, 20 minut saklanyňyzdan soň, ony ýyly suw bilen ýuwuň.

El ýapgylary

Изображение
 Owadan we tertipli eller, dyrnaklar elmydama özümizi  gowy duýýarys. Esasanam öý işleri bilen meşgullanýan aýallaryň elleri suw we ýuwujy serişdeler bilen ýygy-ýygydan baglanyşýar we elleriň görki pese düşýär. Şol sebäpli ellerimize ideg bermegiň usullaryny size maslahat berýäris.

Ýadaw aýak üçin tebigy krem

Изображение
 Günüň dowamynda bedeniň agramyny göterýän aýaklar, günüň ahyrynda çişmek we agyry bolar, aýaklaryňyza dynç berip, şu kremi ulansaňyz rahatlarsyňyz. Gerekli önümler: Ýarym limon 6 aspirin 1wazelin 1 çaý çemçesi lawanda ýagy (islege görä zeýtun ýagy) Taýýarlanylyşy: Aýna gapda wazeline limon suwy we lawanda ýagyny goşuň we ezilen aspirini  goşuň, gowy edip garyň.  Taýýar kremiňizi aýaklaryňyzyň dabanyna owkalap çalyň, soňra pagta joraplaryňyzy ulanyň.  Gysga wagtyň içinde aýagyňyzyň agyrysynyň we çişmegiň aýrylandygyny, ýumşandygyny görersiňiz.

Aýak ýapgylary

Изображение
 Ýadawlyk soň aýaklaryňyzyñ agyrysyny ýeñletmek üçin, aýak wannasyny ulanmak maslahat berilýär. Öýde ulanyp boljak aýak wannasy bilen aýaklary rahatlandyrmak bolýar.
Изображение
 Gerekli önümler: 3 çemçe alma sirkesi Suw Bir gapda alma sirkesine suw goşup, eliňizi garynda salyň 10 minut saklanyňyzdan soňra, dyrnak etini kesiji bilen kesip arassalap el kremini çalyň.

Ýarylan ökjeler üçin

Изображение
 Gerekli önümler Ýarty limon 1 çemçe zeýtun ýagy 1 çemçe badam ýagy Sykylyp alnan limonyň suwyna ýaglary goşup garyň we ökjäňiziň ýaryk ýerlerine owkalap çalyň, streç ýada falga bilen ökjäňizi ýapyň. Bu usuly gije ýatmazdan öň ediň, irdene çenli saklaň.

Aýak mantary (gribok) üçin 2

Изображение
 Gerekli önümler: 1 çemçe zeýtun ýagy 1 kokos ýagy 5 damja çaý agajynyň ýagy Taýýarlanylyşy: Ýokardaky aýdylanlary gowy garyşdyryp, taýýar garyndyny arassa pagta batyryp, gribogyň bar yerine çalyp, ýarym sagat saklaň soňra ýyly suw bilen ýuwyň. Gündelik irden agşam edip bilersiňiz

Gury we ýarylýan eller üçin

Изображение
 Gerekli önümler: 4 çemçe zeýtun ýagy Ýarty limon suwy Zeýtun ýagy gyzdyryp limonyň suwyny goşup, eleriňizi batyryp owkalap çalyň. 25 minut saklanyňyzdan soň elleriňizi ýuwyň.

Ellerdäki tegmiller üçin tebigy bejergi

Изображение
 Gerekli önümler: 1 sany turp 2 çemçe limonyň suwy Taýýarlanylyşy: Turpy gyrgyjyň uşak gözünden  geçirip, limon suwyny goşup garyşdyryň, soňra eliňiziň tegmilli ýerlerine sürtüp, 20 minut saklaň. Köpräk sowuk suwa durlaň.

El dyrnaklaňyzy berkidiji ýapgy

Изображение
 Ýarty limonyň suwy 1 çemçe duz 1 çemçe badam ýagy 1 çemçe zeýtun ýagy Taýýarlanylyşy: Ýokardaky aýdylanlary bir gapda garyşdyryň we eliňize owkalap çalyp 20 minut saklaň. Ýyly suw bilen ýuwyň. Bu ýapgy dyrnaklaňyzyň berkemegine eliňiziň owadan we  ýumşamagyna ýardam berýär. Hepdede 2-3 gezek etmek maslahat berilýär.

Aýaklaňyzy janlandyrmak üçin ýapgy

Изображение
  Gerekli önümler: 1 käse şeker Zeýtun ýagy 5 damja narpyz ýagy Aýak legeni Aýak legeniniň içine şekeri ýagy gowy garyşdyryň. Legeniň  içine aýaklaňyzy 20 minut saklaň. Öýüňizde edip biljek ýeňil usullaryn biri.

Aýak mantary (gribok) üçin

Изображение
 Gerekli önümler: Antiseptik sabyny 1 käse alma sirkesi 1 käse suw Taýýarlanylyşy: Antiseptik sabynla aýaklaňyzy gribok bar ýerini gowy edip ýuwup guradyň. Suwy gaýnadyp üstüne alma sirkesini goşuň. Ýyly halynda pagta bölegi bilen mantarly ýerine çalyp, 25 minut saklanyňyzdan soňra antiseptik sabynla ýuwyň. Sirke aýaklaňyzyň gribogy üçin iň maslahat.

Gury saçlar üçin

Изображение
 Gerekli önümler: 1 nahar çemçesi bal 1/2 stakan süýt Taýýarlanylyşy: Bir gaba ýokardaky aýdylanlary garmaly.  Garyndyny saçyňyzyň düýplerine çenli owkalap çalyñ. Garyndy saçyňyzda 20 minutdan soň, saçyňyzy ýuwuň.

Saçlary ýalpyldatmak üçin

Изображение
 Gerekli önümler: 1 stakan täze limonyñ suwy ýa-da sirke Taýýarlanylyşy: Ýuwulan we guradylan saçagyňyza 1 stakan täze gysylan limon suwuny owkalap saçyň düýplerine çalyň, 15 minut garaşanyňyzdan soň, saçyňyzy limon suwy bilen ýuwuň.  Bu usul bilen saçyňyzyň ýalpyldandygyny görersiňiz. Hepdede iki gezek etmek maslahat berilýär.

Saç döwülmeleri üçin bally ýapgy

Изображение
 Gerekli önümler: 4 çaý çemçe zeýtun ýagy 1 ýumurtganyň sarysy 1 çemçe bal Taýýarlanylyşy: Ýokardaky aýdylanlary bir gapda garyň, taýýar garyndyny saçlaryň döwülen ýerlerine tutuş saçlaryňyzyň ujuna çenli ulanyň, soňra        falga ýa-da streç bilen saçyň uzynlygyna örtüň, 45 minutdan soň, saçyňyzy ýuwuň. Hepdede 1 gezek etmek maslahat berilýär.

Saçlaryňyzyň düýplerini berkitmek üçin

Изображение
 Gerekli önümler: 3 sany soganyň suwy 1 tokga sarymsagyň suwy Ýarty limon 2 çemçe bal Ýokardaky aýdylanlaryň sykylyp alnan suwyny 2 çemçe bal goşup garyşdyryp ýyladyň, we saçyňyzyň düýplerine owkalap çalyň, kelläňize paket ýada streç bilen ýapyň, 30 minut saklañ we saçyňyzy gowy ýuwuň. Limon saçyňyzda ys galmazlygyna ýardam berýär. Aýda 2 gezek etmek, 3 aýyň içinde, saçyňyzda üýtgeşme görersiňiz.

Zeýtun ýagdan ýapgy

Изображение
  Gerekli önümler: 5 nahar çemçesi zeýtun ýagy 2 ýumurtga 1sany soganyň suwy Taýýarlanylyşy: Bir gaba ýokardaky aýdylanlary gowy edip garyň we saçyňyza çalyň.  Streç ýada pakediň kömegi bilen saçyňyzy gowy örtüň,  15 minutlap goýuň.  Soňra saçyňyzy köp suw bilen ýuwuň.
Изображение
Saçyň dökülmegine sebäpleri: Saçyň dökülmegi ýaş, jyns, nesil yzarlaýyş faktorlary, saglyk problemalary we daşky gurşaw faktorlary, witamin ýetmezçiligi, ýalňyş iýmitlenmek, garmon degişmeleri(çaga doglandan soñky ýagdaý) ýaly köp sebäpler degişlidir.

Gury we çolaşan saçlar üçin

Изображение
  Gerekli önümler: 2 sany ýumurtga 6 çemçe zeýtun ýag Taýýarlanylyşy: Ýurtgaňyzy çakyp üstüne zeýtun ýagyny goşup garyşdyryň. Taýýar garyndyňyzy saçyňyzyň ujuna çenli çalyp, 60 minut saklaň.

Saç döwülmeleri üçin bally ýapgy

Изображение
 Gerekli önümler: 4 çaý çemçe zeýtun ýagy 1 ýumurtganyň sarysy 1 çemçe bal Taýýarlanylyşy: Ýokardaky aýdylanlary bir gapda garyň, taýýar garyndyny saçlaryň döwülen ýerlerine tutuş saçlaryňyzyň ujuna çenli ulanyň, soňra        falga ýa-da streç bilen saçyň uzynlygyna örtüň, 45 minutdan soň, saçyňyzy ýuwuň. Hepdede 1 gezek etmek maslahat berilýär.

Kelleşen saçlar üçin sarymsakdan ýapgy

Изображение
 Gerekli önümler: 2 diş sarymsak 1 çemçe bal 1 çemçe zeýtun ýagy Sarymsagy arassalap püre halyna gelinçä owradyň, sonra üstune baly, zeýtun ýagyny goşup garyşdyryň. Kelleşen ýerine pagta bilen çalyň 45 minut saklaň. Yyly suw ýuwyň. Günüň dowamynda 2,3 gezek ediň. 1 aýyň içinde üýtgeşmäni görersiňiz.

Bedeniňizde ýakymsyz der ysyny aýyrmak üçin

Изображение
 Bedeniňizde ýakymsyz der ysyny aýyrmak üçin bägüliň suwyna ýuwunmak maslahat berilýär.

Göwrelilik döwrüniň 4-nji aýyndan başlap

Изображение
 Göwrelilik döwrüniň 4-nji aýyndan başlap, yzygiderli zeýtun ýagyny bedeniňize çalsanyz, garyn böleginiň sallanmalaryny, yz galmalarynyň öňini alarsyňyz.

Bedeniňize zeýtun ýada badam ýagyny çalsanyz

Изображение
 Bedeniňize zeýtun ýada badam ýagyny çalsanyz, bedeniňiziň owadan görünmegine ýardam berýär.

Islenilmeýän ýüz tüýleri üçin ýumurtgadan edilen ýapgy

Изображение
  Gerekli önümler: 1 ýumurtga 1 nahar çemçe şeker Ýarym nahar çemçe mekgejöwen Taýýarlanylyşy: Ýumurtganyň agyna şeker we mekgejöwen ununy goşup, gowy garmaly.  Bu garyndyny ýüzüňizdäki gerekmejek tüýlere çalyň we guramagyna garaşyň. Guranda, inçe maska ​​öwrüljek bu garyndyny eliňiz bilen çekiň, islenilmeýän tüýler maska ​​bilen geler.  Şeýdip, ýüzüňizdäki tüýlerden dynarsyňyz.

Limon bilen duzdan edilen ýapgy

Изображение
 Epilyasiýa edilen ýerine limon we duz ulanylanda, tüý kökleriň ýerleşýän ýerine düşýär we kökleriň ýok bolmagyny üpjün edýär. Gerekli önümler:   1 limon   2 çaý çemçesi duz Taýýarlanylyşy: Täze sykylyp alnan limon suwuna duz goşup  garmaly.  Bu garyndyny pagtanyň kömegi bilen tüý aýrylan  ýerine çalyň,  3 gezek arassalanyzdan soň edeniňizde, netije berip başlaýar we tüýleriň has inçe we giç çykýandygyny görersiňiz.  Bu garyndyny ýüz ýaly näzik ýerlere 15 minut, az duýgur ýerlerde (mysal üçin aýaklar) 2 sagat goýmak ýeterlikdir. Duýduryş: Bu garyndyny ulanmazdan ozal, gerekmejek tüýleri aýyryñ, bu garyndy şondan soň edilýär.

Kelemden bejergi

Изображение
 Kelemden bejergi 3 hepdäniň içinde sellýulitiň görnüşini azalmagyny, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar we bedeniň janlanmagyny üpjün edýär.  Bedeniň artykmaç agramyndan dynmaga kömek edýär. Taýýarlanylyşy: 4-5 sany  kelemi ýarym litr suwda pessejik otda ýapyk gapda 15 minut gaýnadyň. Gaýnadylan suwy irden, agşam bir stakan  içiň. Muny  3 gün içip, 3 gün içmäň, 3 hepdeläp gaýtalaň we ondan soň 3 hepde ara ber. Sonra ulanylyşygy hepdede 1 gezek azaltmak bilen dowam ediň.

Alma sirkesi bilen bejermek.

Изображение
 Alma sirkesi sellýulite garşy iň oňat  bejeriş usullaryndan biridir. Onuň iki görnüşini: içmek, çalmak üçin taýýarlanylýar. Içmek üçin  2-3 nahar çemçesi alma sirkesini bir stakan suw bilen islegiňize görä bal goşup,  garyndyny her gün irden içiň. 2 usuly. Krema 3-4 çemçe alma sirkesi goşup garyň, her gün täze garyndyny sellýulit bar ýerine çalyň. 

Aspirin, limon suwy garyndysy

Изображение
 Gerekli önümler: 10 aspirin 5 limon Künji ýagy(zeýtun ýagy) Taýýarlanylyşy: Täze sykylyp alnan limon suwuna künji ýagyny, aspirini goşup garyşdyryň, garyndyny sellýulitiň bar ýerine çalyň we 10 minut goýuň, soňra ýyly suw bilen owkalap ýuwuň. Hepdede 1-2 gezek ulansaňyz, sellýulit meselesiniň çalt ýitip gitjekdigini görersiňiz.

Sellýulit

Изображение
 Sellýulit( bud bölegindäki artykmaçlyk) adatça zenanlarda ýüze çykýan meseleleriň biri bolup, ol bedeniňiziň ýagyň süýümli deri dokumalarynyň daşky görnüşini üýtgetmegidir. Iýmitlenşiňize üns bermeli. Sellýulit näme üçin çykýar? Dogry iýmitlenmezlik, suwy az tüketmegiňiz, az hereketlilik, garmonal üýtgeşme, bedeniňiziň ýagy, deriniň reňki we galyňlygy.

Derlemege garşy arpabadýan çaýy(фенхелевый чай)

Изображение
  1çemçe arpabadýan, 1 bulgur suwa goşup, 5 minut gaýnadyp süzüp alyp demine goýuň. Bu çaýy hepdede 3 gezek içiň. Mundan başgada emdirýänleriň süýdüni köpeltmekde, saçlaryň dökülmegine garşy, agyz diş arassalamgyna ýardam berýär.

Endamdaky gögermä garşy

Изображение
 Ozan ýagyny endamdaky gögeren ýerlerine çalsa aýyrmagyna ýardam berer.

Siňilli aýyrmagyň 2 usuly

Изображение
  Bedeniňizdäki çykan siňňilli zemzek otuna ýuwup siňňil bar ýerlerine sürtmek maslahat berilýär Kiçiräk sogany gyrgyçdan geçirip üstüne duz goşup garyşdyryň. Taýyn garyndyny siňňil bar ýerine çalyň. Siňňiller köplenç dyrnaklamyzyň töwereginde çykýar. Bu garyndyny gün içinde islegiňize göra çalyň. 

Alma sirkesinden melhem

Изображение
  Gerekli önümler: 1 çemçe  alma sirkesi 1 çemçe narpyz ýagy 1 çemçe suw Taýýarlanylyşy: Ýokardaky aýdylanlary bir gabyň garyşdyryň. Taýýar garyndyny sellýulitiň bar çalyp, 60 minut saklaň. Soňra ýyly suw bilen ýuwyň. Hepdede 2 gezek etmek maslahat berilýär. Arasynda maşklary etseňiz sellýulitiň çalt aýyrmagyna ýardam eder.

Ýagly deri üçin erik maskasy

Изображение
 Deriniň ýag balansyny saklamaga kömek edýär.  Gatyk ýumşatýar. Düwürtik aýrylmalary üçin hem peýdalydyr. Gerekli önümler: • 1sany erik • 1 nahar çemçesi gatyk • 1 kiçi çemçe bejergi palçyk Taýýarlanylyşy: Erikleri blenderiň kömegi bilen eziň.  Bir gaba gatyk we palçyk erik böleklerini  garmaly.  Gaty garyndy bolsa, ony suw bilen garyşdyryň.  Gözüň meýdanyna üns berip, deriňize sürtüň we 15 minut goýuň.